Туркменская Община Сирии ВАТАН.Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti

  • Home
  • Turkey
  • Izmir
  • Туркменская Община Сирии ВАТАН.Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti

Туркменская Община Сирии ВАТАН.Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti Туркменская Община Сирии ВАТАН. Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti
Suriye TürkmenDiasporasi Vatan
http://suriyeturkmendiasporasi.blogcu. Olary hem ika bölünyar.

Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti


Siriyada maglumatlara göra 2 milliondan gowr ak; ya-da 3 milliona golay türkmen yaşayar. Yagny dilini goranlar we assimilasiya edilenler. Türkmenlerin dine 1,5 milliony öz dilini gorap bilipdirler, hat-da goramakda has öte geçipdirler. Yagny şu 1,5 millionun aglabasy döwlet dili bolan arapça bilmeyandikleri sebapli uniwersitet, mekdeplerde okap bilmeyarler, döw

let edaralarynda hem işlap bilmeyarler. Assimilasiya edilenler bolsa araplaryn arasynda erap gidipdirler. Olar özlerine türkmen diyyan-de bolsa türkmençe gürlap bilmeyarler. Gynandyryjy tarapy bolsa kabirleri özlerine ''türkmen'' hem diymek islemeyar. Meselem syyahatçy zhurnalistlerden birinin aytmagyna göra türkmen ene-ata çagasynyn türkmençe bilman yetişmegi üçin elinde baryny edyan eken. Çünki Siriyada türkmen bolmak birgiden hak-hukukdan mahrum bolmak bilen barabar. Kyn. Kabir maglumatlarda ''Siriyada 1,5 million türkmen yaşayar'' diyip geçyar. Bu maglumatlar özlügini goran türkmenlerin sanyna esaslanyp aydylyar. Siriyaly türkmenlerin bu yurdaky umumy yagdayy barada google dayzany kan yadatdym. Ahyr sony Türkiyede yerleşyan we siriyaly türkmenlerin yagdayy bilen gyzyklanyan ''Bayyr-Bujak türkleri'' guramasynyn bilim boyunça başlygy bilen geçirilen reportazhy tapdyk. Şeylelikde olaryn ykdysady, medeni durmuşy, umumy yagdaylary babatda bu guramanyn beryan maglumatlaryny ynamdar hasaplap sizleri-de şol repotazha esaslanyp habardar etmek isledim. Bu duyduruş. Yokarda 3 we 1,5 million diylen maglumat bar. Bayyr-Bujagyn bilim boyunça başlygy Nihat Garaalynyn aytmagyna göra siriyaly türkmenlerin sanyny dine Siriya hökümeti bilyar we gizlin saklayar. Türkiye çeşmeleri 1,5 million diyip habar berse; siriyalylar öz sanlarynyn 4 million adama golaydygyny aydyarlar. Haysy maglumat dogry? Garaaly 4 milliona golay türkmenin bardygyny emma olaryn aglabasynyn dilini we medeniyetini unudyp araplaşandygyny aydyar. Olar hiç hili türkmençe gürlap bilmeselerem özlerine türkmen diyyan ekenler. Türkmenlerin sosial-syyasy yagdayy//

Siriya arap respublikasynda araplardan başga köpçülik bolup yaşayan esasy iki millet, türkmenler we ermeniler bar. Ermeniler başga dinden bolany sebapli olary ayry tutyan we gurama döretmeklerine rugsat beryan arap hökümeti beyle hukuklardan türkmenleri mahrum edipdir. Siriyada türkmen bolmak gadagan. Hiç kimin ID'sinde ya-da pasportunda ''türkmen'' diyip yazmayar; ''arap'' diyip yazylyar. (Siriyanyn bu sistemasyna türk sistemasynyn ekiz tayy diyip bileris. Biler bolsanyz Türkiyede musulman bolan kürt, laz yaly toparlar hem ''türk'' diyip tanadylyar)
Medeni yagdayy//

Siriyada hiç hili hususy gazet ya zhurnal yok. Şol sebaplem türkmen dilinde neşir edilyan eser hem yok. Siriyaly türkmenlerin şiwesi osmanlyja in yakyn bolan türki dil hasaplanyar. Siriyada döwlet işinde işleyanlerin dine 5%-i türkmen. Bu hem olaryn bilim problemasy bolany sebapli. Siriya hökümetinin araplaşdyrma syyasaty türkmenleri bilim babatda hem gysyar. Türkmençeden başga dil bilmeyan köpçülik türkmenler şul sebapli mekdeplerde okap bilmeyarler. Arapça telekanallara seredibem hiç zada düşünmansonlar tebigy yagdayda esasy çeşmesi türk çeşmeleri bolya. Halapda bir türkmen //

Bellap geçeyin; şularyn yüz keşbinin bizlere dal-de yewropalylara menzemegi meni hayran galdyryar (aşakda-da mysallar goyular)
Umuman seredinimzde//

Siriyaly türkmenlerden habar beryan web saytlar, gazet-zhurnallar gaty az. Muna sebap hem ol yerdakilere ne Türkmenistanyn, ne-de Türkiyanin eye çykmadygynda. Ol yerdakilerin bilime mataçligi bar. Çykyan habarlara göra şu wagt yüz beryan wakalarda 100 den gowrak türkmen şehit edilipdir. Garaşsyz türkmen döwletinden kan habary bolmadyk siriyaly garyndaşlarymyz yardam talabyny Türkiyeden edyarler. Bir gurama döretmeklerine-de Siriya hökümeti rugsat bermanson, döwlet dili bolan arapçada gürlap bilmeyan köpçülik türkmenler bilimsiz galyp nesillerinem bilimsiz yetişmezligi üçin Türkiyeden yardama garaşyarlar. Bayyr Bujak guramasy hem esasan siriyalylaryn sowatlylgyny artdyrmak; ol yerdaki türkmenlerin Türkiya gelip bilim almak işlerinde kömekçi bolmak maksady bilen açylan eken. Yazylan zat köp welin yöne ol yerdaki yagdaya düşinmek üçin has köp yazmaly bolyar. Yöne esasan gülki, şatlyk, gyzykly emma kiçirajik maglumatlaryn yer alan yeri bolan tescomda beyle uly, birazajygam ylmy hasiyete eye bolan makala köpçüligi gyzyklandyrmaz diyen pikir bilen sözümi sonlayan Hoş wagtynyz...

Address

Izmir
KARSIYAKA

Alerts

Be the first to know and let us send you an email when Туркменская Община Сирии ВАТАН.Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti posts news and promotions. Your email address will not be used for any other purpose, and you can unsubscribe at any time.

Contact The Organization

Send a message to Туркменская Община Сирии ВАТАН.Siriýa Türkmenleri WATAN Jemgyýeti:

Share